Aşgabadyň Senagat köçesiniň ugrunda 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep guruldy. Ol şanly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda okuwçylar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Mekdepde körpeleriň oňaýly bilim almaklary we sazlaşykly ösüşi, şeýle hem mugallymlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi.
Bu ýerde okuwçylaryň dürli okuw derslerini, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin häzirki zaman ugurdaş enjamlary we görkezme esbaplary bilen üpjün edilen okuw otaglary çagalaryň ygtyýarynda. Şeýle hem täze mekdepde zähmet sapagyny geçmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Munuň özi okuw mekdepleriniň gurluşygy boýunça taýýarlanýan taslamalara we onuň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar.