Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde 88 maşgala täze jaýlara göçüp bardy

11:2109.12.2020
0
10379

Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýatyň merkeziniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda bina edilen we şäheriň özboluşly bezeg aýratynlygyna öwrülen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 3-sinde 88 maşgala niýetlenen öýler bar.

Mary şäheriniň jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary döwrebap gurnamalary we bezeg serişdelerini işjeň peýdalandylar. Bu ýerde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Iki we üç otagly öýlerde giň eýwanlar, maşgalalaryň amatly ýaşaýşyny üpjün edýän şertleri bolan otaglar bar. Täze desgalar merkezleşdirilen ýylylyk, energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Ýagty otaglar, milli äheňdäki bezegler, ajaýyp mebeller täze jaýlara göçüp gelenleriň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Jaýlaryň gurluşygynda ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy.

Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Ýanýodalar çekildi, gök zolaklar döredildi we dürli agaç nahallary ekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň