Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

22:5807.12.2020
0
16569

Sýurih şäherinde UEFA-nyň milli ýygyndylarynyň arasynda Dünýä çempionaty ― 2022-nip saýlama tapgyryna bije çekildi.

Saýlama duşuşyklara UEFA agza ýygyndylaryň ählisi gatnaşyp biler. Şeýlelikde, 55 ýygyndy 10 toparçada ýaryşar. Toparçalaryň deň ýarynda alty, galan ýarynda-da bäş ýygyndy bolar.

Saýlama duşuşyklar 2021-nji ýylyň martynda başlar. Duşuşyklar öýde-myhmançylykda görnüşinde geçiriler.

Toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa UEFA-nyň Milletler ligasynyň iň gowy iki ýygyndysy bilen galan üç orun üçin göreşer. Pleý-of duşuşyklary 2022-nji ýylyň martynda (ýarym final 24-25-nji martda, finallar 28-29-njy martda) bolar.

Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Katarda geçiriler. Bu ýurt taryhynda ilkinji gezek FIFA dünýä çempionatyny kabul eder. 

Toparçalar

A toparça Portugaliýa, Serbiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Azerbaýjan; 

B toparça:  Ispaniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Gruziýa, Kosowa;

C toparça Italiýa, Şweýsariýa, Demirgazyk Irlandiýa, Bolgariýa, Litwa

D toparça:  Fransiýa, Ukraina, Finlýandiýa, Bosniýa we Gersegowina, Gazagystan 

E toparça Belgiýa, Uels, Çehiýa, Belarus, Estoniýa

F toparça:  Daniýa, Awstriýa, Şotlandiýa, Ysraýyl, Farer adalary, Moldowa; 

G toparça Niderlandlar Patyşalygy, Türkiýe, Norwegiýa, Çernogoriýa, Latwiýa, Gibraltar 

H toparça Horwatiýa, Slowakiýa, Russiýa, Sloweniýa, Kipr, Malta 

I toparça:  Angliýa, Polşa, Wengriýa, Albaniýa, Andorra, San Marino;

J toparça Germaniýa, Rumyniýa, Islandiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Ermenistan, Lihtenşteýn. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň