Soňky habarlar

Arhiw

Resmi: Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» bilen şertnama baglaşdy

13:2207.12.2020
0
29301

«Türkmenportala» mälim bolşy ýaly, garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow Amerikanyň «Bellator» MMA guramasy bilen şertnama baglaşdy.

Şeýlelikde, 31 ýaşly ildeşimiz bu guramanyň pälwany bolan ilkinji türkmenistanly hökmünde taryha girer. «Bellator» onuň karýerasyndaky täze başlangyç bolar. Bu ýerde ildeşimiz dünýäniň iň güýçli pälwanlarynyň arasynda öz ornuny berkitmäge synanyşar. Onuň «Bellatordaky» ilkinji tutluşygy barada heniz maglumat berilmeýär.

«Bellator MMA» guramasy 2008-nji ýylda Amerikada esaslandyrylan garyşyk söweş guramasydyr. Soňky günlerde bu gurama Habib Nurmagomedowyň doganoglansy Usman Nurmagowmedow hem UFC-iň ozalky wekili Rustam Habilow ýaly görnükli pälwanlar bilen şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň