Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Owganystandaky konsulluklary Baş konsulluklara öwrüldi

23:4504.12.2020
0
4560

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 4-nji dekabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat we Mazary-Şarif şäherleri) konsullyklaryny Baş konsullyklara öwürmek hakyndaky, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda,

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

***

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň