Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 122 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýakyldy

21:2702.12.2020
0
20943

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Içer işler ministrligine degişli bolan neşe serişdelerini ýakmak üçin niýetlenen desga açyldy we ol ýerde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümleriniň 122,5 kilogramdan gowragyny ýakyp, ýok etmek çäresi boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Soňra türkmen Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiň göçme mejlisini geçip, onuň barşynda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, häzirki wagtda bu babatda netijeli çäreleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň