Soňky habarlar

Arhiw

Litwa Türkmenistan bilen birnäçe ugurda hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

09:4830.11.2020
0
8085
Litwa Türkmenistan bilen birnäçe ugurda hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Litwa Türkmenistan bilen ulag-aragatnaşyk, elektronika, tehnika we enjamlar, oba hojalygy,  azyk önümleri we himiýa senagaty ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar. Bu barada Litwanyň Daşary işler ministrliginiň beýanyna  salgylanyp, «Trend» habar berýär. 

Şu ýylyň birinji çärýeginde söwda dolanyşygy birsydyrgyn ýagdaýda boldy.

Ýagny, ýylyň başynda 5 million ýewro ýetip, soňra 3,2 million ýewro düşdi, ondan soňra bolsa ýene 6,7 million ýewro ýetdi.

Litwanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda: «Koronawirus pandemiýasy Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky gatnaşyklara düýpli täsir etmedi.» – diýlip bellenýär.

Litwa port desgalary we logistika, deňiz ulaglary bilen gämi gurluşygy pudagyndaky tejribesini türkmen tarapy bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Mundan başga-da, taraplar energiýa pudagy, senagat pudagy, şol sanda dokma senagaty we ýokary tehnologiýa pudagy ýaly hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlaryny bellediler.           

«Trend»-iň habaryna görä, Hazaryň we Gara deňziniň üsti bilen Baltika sebitine täze ulag ýolunyň döredilmegi ozal Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň