Aşgabatda başlangyç üçin täze pikirler boýunça okuw geçiriler.

12:4423.11.2020
0
9125

Garaşsyzlyk gazanylan günlerinden bäri, Türkmenistanda hususy telekeçileriň we işewür kompaniýalaryň sany ýylsaýyn artýar. Täze kärhanalar, hünär görnüşleri peýda bolýar, täze pikirler durmuşa geçirilýär, bu bolsa  ýurduň ykdysady kuwwatyny giňeldýär we güýçlendirýär.

“Iş Nokady” iş merkezi, başlangyç üçin täze pikirlere we ilki başda telekeçileriň ýüzbe-ýüz bolup biljek möhüm meselelerine bagyşlanan "Startup" okuw sapagyny gurnaýar.

Okuwda esasy çykyş etjek TF Holding (işjeň-söwda) esaslandyryjysy, “Nurlyderbent” HK-nyň baş müdiri Merdan Orazowiç Annamämmedow bolar.

Başlangyjy haýsy ugurda başlamalydygyny kesgitlemek üçin gatnaşyjylaryň bir ýa-da beýleki ugurdaky başarnyk derejesi kesgitlener, şondan soň başlangyç üçin birnäçe pikir hödürlener.

Trening başlaýan senesi: 26.11.2020.

Wagty: 18:30 – 20:00.

Okuwlara gatnaşmak tölegli.

Aşakdaky belgiler bilen habarlaşyp okuw üçin ýazylyp bilersiňiz:

+993 12 46-81-65

+993 61 34-93-58

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň