Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 26-njy tapgyr: «Şagadam» myhmançylykda «Merwi» ýeňdi

21:2521.11.2020
0
3676

Türkmenistanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Şagadam» myhmançylykda «Merwi» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýer eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini 33-nji minutda Pirmyrat Gazakow geçirdi. «Şagadam» bu gola Hydyr Ýakubowyň (58) we Yhlas Magtymowyň (61) geçiren pökgüleri bilen jogap berdi. Üstesine-de, «Şagadam» möwsümdäki 12-nji ýeňşini gazandy.

Bu ýeňişden soňra utugyny 43-e çykaran «Şagadam» üçünji orundaky ýerini gorady. «Merw» bolsa 24 utuk bilen altynjy orunda galdy.

27-nji tapgyrda «Şagadam» «Köpetdag» bilen duşuşar. Bu duşuşyk üçünji orun ugrundaky aýgytlaýjy oýna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň