Top.Mail.Ru

Gurban Berdiýew: «Kafanow, Orazsähedow, Danilýans ― ählimiz aşgabatly»

14:5820.11.2020
0
23218

Türkmenistanly futbol hünärmeni Gurban Berdiýew özüne ýardam berýän tälimçiler düzümi barada şeýle diýdi:

«Berdiýew» diýlende, meniň ýeke özüme däl, tälimçiler toparyma düşünmek möhümdir. Olar Masýura, Kafanow, Orazsähedow we Danilýans. Masýuradan başga ählimiz Aşgabatdan. Ýöne ol hem özüni aşgabaly hasap edýär, pikirlerimiz, duýgularymyz birmeňzeş. Şeýle ýigitler bilen işleşendigim üçin men örän bagtly. Biz ― köplenç, bile. Ýaradanyň bizi bir ýere jemländigine begenýärin».

Mällimbolşy ýaly, Gurban Berdiýew Russiýanyň çempionatyndaky üstünliklerini birmahal «Gurluşykçyda» (soňra «Kolhozçy») bile futbol oýnan dostlary bilen gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň