Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan oba hojalygy üçin himiki serişdeleri satyn alar

23:3119.11.2020
0
4237

Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň haşal otlaryna, zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň