Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri ygtybarly maglumat gorlaryny döretmek bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdylar

15:4318.11.2020
0
4616

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň milli maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamaga çekilen beýleki edaralaryň hünärmenleri “DÖM-ne ýetmek üçin ygtybarly maglumat gorlaryny döretmek” atly okuw-maslahata gatnaşdylar.

Çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan guraldy. Onuň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumatlar gorunyň wajypdygyny ara alyp maslahatlaşmak we ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek, şeýle hem milli maksatnamalary işläp taýýarlan ýurtlaryň öň­debaryjy tejribesini hödürlemek bolup durýar.

Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-si häzirki döwrüň has wajyp ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir.

Halkara bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak babatda dünýäde öň­debaryjy bolup, degişli çäreleri üstünlikli amala aşyrýar. Olaryň häzirki tapgyry degişli ministrliklerde we edaralarda, şol sanda Statistika baradaky döwlet komitetinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda ösüşe baha bermek üçin ölçegleriň ulgamyny işläp taýýarlamagy öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň