Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan okuw-maslahata gatnaşdylar.

14:5418.11.2020
0
3406

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan we COVID-19 döwründe hemmeleri saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşap almaga hem-de bu ugurda iň gowy parlament tejribesine bagyşlanan okuw-maslahata gatnaşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de pandemiýanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça utgaşykly we özara ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda lukmançylyk diplomatiýasy möhüm orun eýeleýär. Bu diplomatiýa şol ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Wideoforumyň gün tertibine Parlamentara birleşigi tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen köpçülikleýin gurşap almagy gazanmak: saglyga bolan hukugy üpjün etmekde parlamentleriň orny» atly Kararnamanyň kadalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahatyň barşynda bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyna ilatyň elýeterliligini üpjün etmek, umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de pandemiýadan soň­ky dikeldiş boýunça wezipeleri çözmek babatda görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň