Aşgabatda ýagan ilkinji gar gyşy buşlady

09:4518.11.2020
0
19899

Paýtagta bosagada duran gyşyň ilkinji gary ýagdy. Eýýäm ir säher bilen howada ilkinji gar tozgalary gaýmalap başlady. Günüň dowamynda garyň ýagyşy kä haýallap, kä güýçlendi.

Paýtagtda howa -1 dereje sowuk. Gündiz birki dereje maýlamagy mümkin. Gije bolsa -3 derejä çenli howa ýene sowar. Howanyň çyglylygy 61 göterime çenli ýeter.

Maryda gündiz sagat 11-de gar ýagar. Balkanabatda +5 dereje maýyl bolar, azda-kände ygal ýagar. Daşoguzda bolsa gündiz hem -6 -8 derejä çenli howa sowar. Türkmenabatda gar ýagmasa-da, gündiz -2, gije -6 derejä çenli howa sowar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň