Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Geldiýew futbol ýoluny ýene-de Malaýziýada dowam etdirip biler

22:5416.11.2020
0
6364

Malaýziýanyň «The Star» neşiriniň ýazmagyna görä, türkmen futbolçysy Serdar Geldiýew futbol ýoluny ýene-de bu döwletde dowam etdirip biler. Ol ýurduň çempionatynyň tamamlanan möwsüminde beýleki bir ildeşimiz Şöhrat Söýünow bilen birlikde PDRM toparynda çykyş etdi.

Neşirde türkmenistanly futbolçynyň möwsüm baradaky pikirlerine orun berilýär. Onuň aýdyşy ýaly, topar möwsüme gowy başlangyç etse-de, pandemiýa sebäpli berlen arakesmeden soňra kynçylyklar döredi. Hatda aýlyk haklarynda hem peseltmelere gitmeli boldy. Muňa garamazdan, topar Superligada galmak üçin ahyryna çenli göreşdi.

― Men Türkmenistanda 10 gezek çempionlyk gazandym, dört gezek ýurdumyň Kubogyna mynasyp boldum. AFK-nyň kubogynyň finalynda çykyş etdim. Türkmenistanyň milli ýygyndysynda birnäçe ýyllap üstünlikli futbol oýnadym. Malaýziýadaky karýeram dowam edýär. Käbir toparlaryň meniň bilen gyzyklanýandygyny habar berýärler. Men bu meseläni çözmegi agentligime goýýaryn ― diýip, ol geljekde hem dostlukly döwletde futbol oýnap biljekdigini ýaňzytdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň