Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergä taýýarlyk görülýär

23:3812.11.2020
0
8139

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 12-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Gözden geçirilişiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyryş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna halkara forumyň iş maksatnamasynyň taslamasyny hödürläp, 1-10-njy dekabr aralygynda gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişini guramagy teklip etdi.

Milletiň Lideri milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilerine görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna meýilleşdirilen dabaralara ykjam taýýarlyk görmegi, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitleriň ýeten belent sepgidini görkezmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň