Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistan" DTB täze "Owerdraft" bank kartyny dolanyşyga girizdi

17:1112.11.2020
0
27109

"Türkmenistan" döwlet täjirçilik banky täze "Owerdraft karty" bank kartyny dolanyşyga girizdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bu täze kart "Altyn Asyr" bank kartlarynyň eýelerine hasapda serişde ýeterlik bolmadyk halatynda aýlyk hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli gysga möhletli karz almaga mümkinçilik berýär. Alnan karz aýlyk haky geçýän "Altyn Asyr" bank kartyna pul serişdeleri geçenden soň bellenilen tertipde yzyna gaýtarylýar.
Täze karty almak üçin bankyň edarasyna baryp, degişli şertnama baglaşmaly.
"Türkmenistan" DTB-niň merkezi edarasynyň telefon belgisi: +99312440304.
Bankyň şahamçalarynyň salgylary we telefon belgileri www.tnbk.tm web sahypasynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň