Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen alabaýynyň heýkeli açyldy

23:1510.11.2020
0
23579

Aşgabadyň ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çägindäki tegelek görnüşli ýol çatrygynda “Türkmen alabaýy” atly heýkeliň açylyş dabarasy boldy.

Alabaýyň heýkelini oturtmak, şeýlelikde, bu ajaýyp hem-de gaýduwsyz we mähirli ýüregi bolan alabaýlara hormat-sarpa goýmak, milletiň taryhynda hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny aýratyn bellemek başlangyjy döwlet Baştutanynyň hut özüne degişlidir.

Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkel örän uly bolup görünýär: itiň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň