Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adminstratiw iş ýörediş kodeksi tassyklanyldy

13:1004.11.2020
0
14963

«Türkmenistan» gazetinde «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.

Onda Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak, ony 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizmek barada aýdylýar.

Täze Kanunda görkezilişi ýaly, Türkmenistanyň kazyýetlerine gelip gowşan we 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli seredilmedik administratiw işleri Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir. Şeýle hem Kanunda «Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler» diýlip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň degişli Kanunyna milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji oktýabrynda gol çekipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň