Türkmenistanda "Bitarap Türkmenistan" atly ilkinji wirtual sergi öz işine başlady

04:2601.11.2020
0
16223

1-nji noýabrda Türkmenistanda ilkinji wirtual sergi bütindünýä internet torunda öz işine başlady. «Türkmenportalyň» öň habar berşi ýaly, Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Wirtual sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar we mümkinçilikler baradaky maglumatlary döwrebap derejede, öz wagtynda, dolulygyna, şeýle hem zerur bolan halatynda wideo-foto şekiller bilen bütündünýä maglumat giňişligine çykarmakda örän uly mümkinçilikleri berýär. «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we konferensiýalary guramak işini kämilleşdirmek boýunça 2020—2025-nji ýyllar üçin strategiýasy we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy» Türkmenistanda sergi-ýarmarka işini ösdürmekde möhüm ädim bolar.

Sergä gatnaşýanlar sergide diňe bir öz önümlerini ýa-da hyzmatlaryny görkezmäge däl, eýsem, bütin dünýädäki hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Çünki bu onlaýn wirtual sergi hemmeler üçin açyk we elýeterli bolup, gatnaşyjylaryň has köp möçberiniň ünsüni çeker.

Wirtual-söwda sergileri adaty söwda sergilerinden ekologýa taýdan has amatlydyr we ygtybarlydyr. Daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsir azaltmak häzirki wagtda bütin dünýäde barha möhüm meselä öwrülýär. Ýangyç çykdajylaryny azaltmak, salgyt ýeňilliklerini döretmek wirtual söwdanyň ähmiýetini artdyryp, işewürleriň arasynda ony has özüne çekiji edýär. Türkmenistan hem öz gezeginde bu möhüm tema öz goşandyny goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň