Türkmenistanda ilkinji wirtual sergi açylar

17:5131.10.2020
0
12265

Ertir – 1-nji noýabrda ilkinji gezek türkmen wirtual sergisi bütindünýä internet torunda öz işine başlaýar.

Wirtual sergä gatnaşýanlaryň geografiýasy gaty giňdir, ýagny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalýan wirtual sergi ähli maglumatlary daşary ýurt raýatlar üçin elýeter etmek üçin 3 dilde taýýarlanylýar. Daşary ýurtly maýa goýujylara Türkmenistanyň önümçilik we senagat kuwwatyny görkezmekde bu serginiň örän uly mümkinçiligi bardyr. 

«Türkmenportalyň» öň habar berşi ýaly, Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar we mümkinçilikler baradaky maglumatlary döwrebap derejede, öz wagtynda, dolulygyna, şeýle hem zerur bolan halatynda wideo-foto şekiller bilen bütündünýä maglumat giňişligine çykarmakda örän uly mümkinçilikleri berýär. «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we konferensiýalary guramak işini kämilleşdirmek boýunça 2020—2025-nji ýyllar üçin strategiýasy we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy» Türkmenistanda sergi-ýarmarka işini ösdürmekde möhüm ädim bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň