Soňky habarlar

Arhiw

“Samsung” şereketiniň başlygy Li Kun-He aradan çykdy

10:0426.10.2020
0
973

Dünýädäki iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Samsung” şereketiniň başlygy Li Kun-He  aradan çykdy. Bu barada Li Kun-Heniň  ogly Li Jae-Ýong habar berdi.

“Samsung” şereketiniň mirasdüşer dolandyryjysy Li Jae-Ýong žurnalistlere 2014-nji ýyldan bäri, ýürek keseli sebäpli bejergi alýan kakasy Li Kun-Heniň şu gün 78 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny aýtdy.

Li Kun-He 1968-nji ýylda “Samsung” şereketinde işe başlady. 1987-nji ýylda kakasy Li Byung-Çuldan “Samsung” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesini aldy. 

“Samsung” Li Kun-Heniň ýolbaşçylygynda dünýäde iň üstünlikli elektronika kompaniýalaryň birine öwrülmegi başardy. Bu kompaniýa 2007-nji ýylda “Fortune” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň uly 100 kompaniýasynyň sanawyna girdi.

Li Kun-He ozal parahorluk dawasyna gatnaşypdyr. Dolandyryjynyň salgyt tölemezlik üçin 2008-nji ýylda prokurorlara, kazylara we syýasatçylara para berendigi öňe sürüldi. Bu aýyplamalardan soň Li Kun-He garşy derňew açyldy we bu derňewiň çäginde ol para gaznasyny döredendigini we kompaniýadaky işini taşlandygyny boýun aldy.

Şol ýyl kazyýet jogapkärçiligine çekilen Li Kun-He özüniň maliýe näsazlyklaryny we salgyt tölemekden gaçandygyny boýun aldy. Ol kazyýet tarapyndan 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi we 98 million dollar jerime salyndy.

Li Kun-He, 2009-njy ýylda Günorta Koreýanyň şol wagtky Prezidenti Li Mýung-Bak tarapyndan çykarylan ýörite karar esasynda aklanandan soň, 2010-njy ýylda kompaniýanyň direktorlar geňeşine gaýdyp geldi. 2014-nji ýylda Li Kun-He ýürek agyrysy derdine duçar boldy we şondan soň öz saglyk ýagdaýyna üns berip, wagtal-wagtal hassahana girip bejergi alyp başlady. Li Kun-He agyr derde duçar bolanyndan soňra, onuň ýerine “Samsung" şereketine ogly Li Jae-Ýong wekilçilik edip başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň