Türkmenistan ahalteke atlaryny we alabaýlary ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak üçin hödürnama taýýarlaýar

22:0116.10.2020
0
14859

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalara laýyklykda, hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär ― diýip, Hökümetiň 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bu mejlisde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ― daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Mejlisde Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnamanyň berlendigi hem aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň