Türkmenistan nobatdaky çarter uçuşy bilen Russiýadaky raýatlaryny alyp geler

16:4905.10.2020
0
36345

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda "Türkmenhowaýollary" awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Russiýadan Türkmenistana getirmek üçin nobatdaky çarter uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Moskwanyň Domodedowo howa menziliniň onlaýn tagtasynda habar berlişine görä, Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça T5706 uçuş Boeing 777-200LR uçarynda amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdýan uçar ýerli wagt bilen 11:00-da (Aşgabat wagty bilen 13:00) uçmaly. Uçar ýerli wagt bilen sagat 16:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline geler.

Bu ýörite uçuş Türkmenistan Hökümetiniň görkezmesi boýunça guraldy. Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik hökmany karantini geçerler.

Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistan hökümeti, pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny Watanymyza gaýtarmak üçin Türkmenabayň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlaryny gurady. Türkmenistanyň 120 raýaty gury ýer üsti bilen Özbegistandan öz Watanyna gaýdyp geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň