Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana gelýän daşary ýurt awtoulaglaryň eýeleri üçin birmeňzeş nyrh hereket eder

22:5402.10.2020
0
19494

2-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna “Lapis-Lazuli” we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag halkasy hökmünde onuň barha artýan derejesini kesgitleýär. Döwletimiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga gyzyklanma bildirip, sebit hem-de yklym ähmiýetli logistiki mümkinçilikleri peýdalanmak üçin amatly şertleri döredýär.

Wise-premýer halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr geçýän ýükleriň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara toparynyň döredilendigini habar berdi.

Pudagara toparynyň ikinji mejlisinde ýurdumyza gelýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda gatnawlary we halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollar boýunça düzümleri has-da giňeltmegiň ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Milletiň Lideri ulag ulgamyndaky taslamalaryň, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy bolan Modal ýoluny döretmegiň hem-de Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu möhüm ugurlary kemala getirmegiň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksady bilen baglylykda, örän uly äzmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany Beýik Ýüpek ýolunyň eýeleýän taryhy ornuny täzeden dikeltmegiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinde Ýewropa bilen Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda örän uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti onlarça ýurtlaryň üstünlikli peýdalanýan ulag-üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady hem-de wise-premýere ýükleriň hem-de ýolagçylaryň üstaşyr-ulag geçirilişiniň möçberini has-da artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň