Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" "Ahaly" 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňip, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

20:4829.09.2020
0
4263
"Altyn asyr" "Ahaly" 11 metrlik jerime urgulary bilen ýeňip, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahaly» ýeňip, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi meýdanynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 68-nji minutda «Ahalyň» ýarym goragçysy Gurban Annaýew toparyny öňe çykardy, «Altyn asyr» 73-nji minutda goragçy Mekan Saparowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi.

Bu hasap duşuşygyň esasy wagtynda-da, ýarym sagatlyk goşmaça wagtda-da üýtgemedi. Şeýlelikde, Naýbaşy kubogyň eýesi 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi. Bu gezek 5:4 hasabynda üstün çykan «Altyn asyryň» futbolçylary bassyr altynjy gezek bu Kuboga mynasyp boldular. «Ahaldan» goragçy Serdar Annaorazowyň jerime ugrusy nädürs boldy.

Ýeňiji topara Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Geçen ýylky Naýbaşy kubok duşuşygynda-da «Altyn asyr»  «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňipdi. Mahlasy, «aragatnaşykçylar» 2015-nji ýyldan bäri bu Kubogy hiç bir garşydaşyna bermän gelýärler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklar 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

«Altyn asyr» — «Ahal» – 6:5 (1:1, 11 metrlik jerime urgularyndan — 5:4)

29-njy sentýabr. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 1000 tomaşaçy.

Pökgi geçirenler: Mekan Saparow 73 — Gurban Annaýew 68.

Duýduryşlar: Myrat Annaýew 32, Ahmet Ataýew 88, Mekan Saparow 113 — Gurban Annaýew 12, Guwanç Abylow 28, Elman Tagaýew 56, Pirmyrat Sultanow 85.

Emin: Resul Mämmedow (Aşgabat).

Kömekçileri: Akmyrat Gurbanow, Babanazar Haknazarow (ikisi hem Aşgabat).

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat).

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejebow (Aşgabat).

Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat).

Bir duşuşyk — iki rekord

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna bassyr altynjy gezek mynasyp bolan «Altyn asyr» özüne degişli milli rekordlaryň ikisini täzeledi. Olaryň ilkinjisi bu duşuşyga iň köp gatnaşan toparyň rekordydyr. Şu ýyl «aragatnaşykçylar» Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga 12 ýyllyk taryhynda sekizinji gezek gatnaşdylar. Topar eýýäm geçen ýylky duşuşykda ýedi gatnaşyk bilen ýaryşyň taryhy rekordyny goýupdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu gezek bolsa özlerine degişli rekordy ýene bir gezek täzelediler.

Ýeri gelende aýtsak, bu duşuşyga dördünji gezek gatnaşan «Ahal» Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen üçünji orna şärik boldy. Ikinji orunda ozalky HTTU topary bar. Topar taryhynda alty gezek bu duşuşyga gatnaşypdy.

«Altyn asyryň» ikinji rekordy bolsa, elbetde, ýeňişleriniň, ýagny, Kuboklaryň sany bilen baglydyr. Taryhynda altynjy gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp bolan «aragatnaşykçylar» iň ýakyn bäsdeşinden hem iki esse köp Kubok gazanyp, türkmen futbolynyň gaýtalanmasy kyn sepgitleriniň birini eýeledi. Topar diňe 2009-njy we 2011-nji ýyllardaky Naýbaşy kubok duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp bilmändi.

15 duşuşygyň 9-synda Kubok gazandy

«Altyn asyr» taryhynda altynjy Naýbaşy kubogyny gazanan bolsa, has uly başga bir rekord baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewe degişlidir. Bu Kuboga ilkinji gezek mynasyp bolan tälimçi (2005-nji ýyl) şol wagtky tälim berýän topary — HTTU bilen Kubogy ýene iki gezek — 2009-njy we 2013-nji ýyllarda hem gazanypdy. 2015-nji ýyldan bäri bolsa ol «Altyn asyryň» başynda altynjy Kubogyna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, taryhdaky 15 sany Naýbaşy kubok duşuşygynyň 9-synda bu Kuboga eýe bolan tälimçi ajaýyp şahsy rekordyny hem goýdy.

Annaýew ýubileý pökgini geçirdi

Şu duşuşykda «Ahalyň» öňe saýlanmagynda uly orun eýelän ýarym goragçy Gurban Annaýew umumy ýaryşyň hem taryhyna girdi. Has takygy, ol Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklaryň 15 ýyllyk taryhynda derwezelere girizilen 50-nji pökginiň awtory boldy. Duşuşygyň 73-nji minudynda tapawutlanan Mekan Saparow bolsa ikinji 50-ligiň binýadyny goýdy.

Maglumatlary has takyklaşdyrsak, ýaryşyň 10-njy pökgüsi 2006-njy, 20-nji pökgüsi 2009-njy ýylda, 30-njy pökgüsi 2013-nji ýylda, 40-njy pökgüsi 2016-njy ýylda geçirildi.

51 pökgülik taryhda iň uly paý «Altyn asyra» degişli. «Aragatnaşykçylar» Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçiren sekiz duşuşygynda 14 gezek tapawutlandylar. Ikinji orundaky HTTU-da 13, üçünji orundaky «Nebitçide» 10 pökgi bardy. Şeýle hem bu ýaryşda «Ahal» 5, «Merw» 4, «Aşgabat» 3, «Şagadam» 2 pökgi geçirdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň