Göreş boýunça 2021-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Gazagystanda geçiriler

12:5329.09.2020
0
9664

Grek-rim göreşi, erkin göreş we zenan göreşi boýunça 2021-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler. Yklym birinjiliigniň 16 — 21-nji fewral aralygynda geçirilmegine garaşylýar.

Göreş boýunça Aziýa çempionaty 1979-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. 1996-njy ýylda onuň maksatnamasyna zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar hem goşuldy.

Nobatdaky dünýä çempionatynyň bolsa dekabr aýynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçirilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň