Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koronawirus Helsinki howa menzilinde itler tarapyndan synagdan geçiriler

10:2725.09.2020
0
1142

Yslarynyň üsti bilen ýolagçylaryň arasyndan koronawirusa ýoluganlaryny gözlemek üçin Helsinki howa menzilinde ýörite it topary döredildi. Bu barada howa menzilini dolandyrýan kompaniýa habar berdi.          

Ýolagçylardan ellerini desmal bilen süpürip, ýörite gaplara taşlamagy haýyş edilýär. Soňra desmallar itler tarapyndan yslanýar. Tutuş proses bir minut töweregi wagt alýar. Oňyn synag netijeleri bolan ýolagçylar goşmaça görkezmeler üçin maglumat-lukmançylyk merkezine ugradylýar.          

Itler bilen geçirilen synag dört aý dowam eder.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň