T.Nurmyradow: Hil – esasy görkeziji

11:0124.09.2020
0
954

2020-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi we “Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Söwda-senagat edarasynda iki günläp dowam eden gözden geçirilişe “Begler ýoly” hususy kärhanasy hem öz pawilýony bilen gatnaşdy. Biz polietilen we polipropilen gaplaryny öndürmekde Türkmenistanda öňdebaryjy hasaplanýan bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy Tirkeş Nurmyradow bilen söhbetdeş bolduk. Şol söhbetdeşligi  “Türkmenportalyň” okyjylaryna ýetirýäris.

— Içerki bazarda “Begler ýoly” hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän plastiki gaplara bolan isleg nähili?

— 2014-nji ýylyň 11-nji martynda esaslandyrylan hususy kärhanamyz häzirki wagtda öz önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen bazara çykarýar. Biz elmydama bazaryň islegini we döwrüň talabyny öwrenýäris. Bu biziň önümlerimiziň geçginli we ýokary hilli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda iýmit üçin plastik gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetleri, göwrümli gaplary, himiýa serişdeleri üçin gaplary öndürmek boýunça işleri alyp barýarys. Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä önümçiligi ýakynda ýola goýlan ýuwujy serişdeler üçin niýetlenen plastik gaplaryň täze görnüşlerini hem çykardyk. Şeýle-de, sergä “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar bilen bagly öndüren önümlerimizi hem getirdik. 

Kärhanamyz öz önümçilik kuwwaty we önümçilik aýratynlygy bilen içerki hem-de daşarky bazaryň ynamyny doly gazanmagy başardy. Kärhanamyzda öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen, müşderileriň ösen islegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Muny kärhanamyzyň hyzmatyndan peýdalanýan köp sanly hususy önüm öndürijeler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem tassyklaýar. Kärhanamyzda öndürilýän önümleriň ählisiniň sertifikatlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

— Önümçiligiňiziň esasy aýratynlygy nämede?

— “Begler ýoly” hususy kärhanamyzyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy – öndürilýän önümleriň ählisi dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Kärhanamyzda innowasion enjamlar ornaşdyrylyp, işler awtomatiki usulda hereket edýän robot tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi önümleriň ýokary hilli we döwrebap taýýarlanylmagyna doly mümkinçilik berýär. Ýokary hilli önümler öndürilip, işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýandygy üçin kärhanamyz 5 sany – ISO-9001:2015, 5S,GC-MARK, DQS CFS GmbH, IQ NET halkara sertifikatlary bilen sylaglandy. Häzirki wagtda kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 10 000-15 000 kg önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

— Kärhananyň eksport mümkinçilikleri nähili? Daşarky bazarda hyzmatdaşlaryňyz barmy?

— “Begler ýoly” hususy kärhanamyz döredilen döwründen bäri dünýä marketinginiň tejribesinden ugur alyp, milli bazary zerur möçberde önüm bilen üpjün edip, daşarky bazara eksport etmek ýörelgelerinden ugur alýar. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli işleri alyp barýarys. Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Respublikasyna 1 litrlik plastik gaplaryň we Owganystan Yslam Respublikasyna plastiki bedreleriň ylalaşykda görkezilen möçberlerini eksport etdik. Häzirki wagtda bolsa Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan, Gruziýa we Gazagystan ýaly döwletlere önümlerimizi eksport etmek üçin degişli gepleşikleri alyp barýarys. Şeýle-de, daşary ýurtly ISO guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn internet ulgamy arkaly söhbetdeşlikleri geçirip, önümçiligiň esasy ugurlary, daşarky bazaryň hile bolan islegi barada maslahatlaşyp durýarys.

— Müşderilerden gelýän sargytlar boýunça nähili iş alyp barýaňyz?

— Azyk we beýleki senagat ugurlarynda ýerli önümçiligiň geriminiň giňemegi bilen täze görnüşli gaplaryň zerurlygy artýar. Kärhanamyzda şeýle gaplary öndürmek üçin müşderilerden gelýän sargytlary öwrenip, himiki arassalaýjy serişdeler, süýt önümleri we konditer önümleri üçin niýetlenen plastik gaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini hem alyp barýarys. Şeýle hem, müşderileriň isleglerine görä, IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda etiketkaly gaplary hem öndürmek mümkinçiligimiz bar. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan bu tehnologiýa harydyň etiketkasyny plastiki gap galyba guýulanda ýelmenýär we etiketka islendik şertlerde öz durkuny saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň