Soňky habarlar

Arhiw

HP noutbuk: käbir bölekleri galyndylardan ýasalypdyr

12:5923.09.2020
0
666

HP kompaniýasy “Pavilion” seriýasyna degişli ýankompýuterini tanyşdyrdy. “Intel” 11-nji nesline degişli mikroprosessorlar oturdylan kompýuterleriň käbir bölekleri deňizden ýygnalan plastmassa zyňyndylaryndan öndürilipdir. Noutbuklaryň 13, 14  we 15 dýuým ululygyndaky görnüşleri bar. Iň kiçi görnüşiniň durulygy 1080p ýa-da 4K Ultra HD bolup, beýleki iki nusgada bu görkeziji 720p ýa-da 1080p durulygynda hödürlenýär. Gabarasy metaldan öndürilen noutbuklaryň çarçuwasy ozalky modellerinine görä has inçeldilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň