Wise-premýer G.Müşşikow 18-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji maýyndaky Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň deslapky taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Resminamalar milletiň Lideriniň ykdysady strategiýasyndan we tabşyryklaryndan hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanyldy.
Şunda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň Prezident maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.
Wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berip, çykdajy we girdeji böleklerinde göz öňünde tutulan serişdeler barada habar berdi. 2021-nji ýylda maliýe serişdeleriniň uly möçberi bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygy, döwlet hyzmatlary ulgamlaryny ösdürmäge gönükdiriler. Şonuň bilen birlikde, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça esasy hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, ykdysady babatda geljek ýylyň hem şu ýyl ýaly çylşyrymly bolmagyna garaşylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ähli meselelerine ýene-de bir gezek düýpli seretmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we resminamanyň taslamasy işlenip tamamlanandan soň, ony Türkmenistanyň Mejlisine ibermegi tabşyrdy.
Degişli Permana laýyklykda, geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmegi, beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy, şeýle hem her şäherde we etrapda maýyplara we mätäç raýatlara ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek üçin serişdeleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.