Turkmenportal logo
18.09.20
59825982
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary atçylyk sport toplumynyň durky täzelener

Mary şäherindäki atçylyk sport toplumynyň durky täzelener. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde ýörite bildiriş çap edildi.


Bildirişde hem görkezilişi ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi­niň bu­ýur­ma­gyn­da bu toplumyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça bäsleşik yglan edýär.


Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.


Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.