Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkezi gurlar

23:5108.09.2020
0
24032

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň çatrygynda paýtagtymyzyň bu künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň, gök zolaklaryň abadanlaşdyrylyş derejesi, köçeleriň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy.

Milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň şu böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany täze medeniýet ojagynyň enjamlaşdyrylmagy baradaky meselä degip geçip, bu ýerde dürli köpçülikleýin çäreleri, şol sanda halkara derejesindäki konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde daşary ýurtlaryň dünýäde meşhurlyk gazanan estradaçylarynyň, artistleriniň Türkmenistanda konsert bilen çykyş etmekleri asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşjek ýerini kesgitlemek we onuň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigini geçirmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiklerini, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konsertini guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz merkezde häzirki zamanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ses ýazgylar we aýdym-saz studiýasyny döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar, olaryň binagärlik we bezeg çözgütleri bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň