Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» ýörite uçuş bilen Russiýadaky watandaşlarymyzy alyp geler

20:3804.09.2020
0
37212

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Moskwadan Türkmenabada çenli bolan ýörite gatnawy bilen 8-nji sentýabr güni Russiýa Federasiýasyndaky watandaşlarymyz ýurdumyza alnyp gelner.

Koronowirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygy üçin olar Russiýada galmaly bolupdylar.

Moskwa şäheriniň Domodedowo howa menziiniň onlaýn tertibinde hem görkezilişi ýaly,T5 704 belgili uçuş Moskwa wagty bilen 15:30-da (Aşgabat wagty bilen 17:30) başlar. M.W.Lomonosow adyndaky Domodedowa howa menzilinden başlanjak uçuş şol gün agşam 21-de Türkmenabadyň halkara howa menzilinde tamamlanar.

Russiýa Federasiýasyndan alnyp gelnen watandaşlarymyz 14 günlük karantinde bolmaly bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň