Soňky habarlar

Arhiw

Katar futbol boýunça 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogyny geçirmäge dalaşgär

15:2731.08.2020
0
9282

Katar futbol boýunça 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogyny geçirmäge dalaşgär döwletleriň hataryna goşuldy.

AFK-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Katar munuň üçin Malaýziýanyň ýurtdaky ilçisi Fahda bin Mohammed Kafudanyň üsti bilen ýüz tutdy.

Yklym çempionatyny geçirmek üçin häzire çenli Saud Arabystany, Eýran, Hindistan we Özbegistan öz dalaşgärliklerini hödürläpdiler. Şeýlelikde, Katar Aziýa kubogy — 2027 üçin bäşinji dalaşgär döwlet boldy. Çempionatyň ýer eýesi 2021-nji ýylda belli ediler.

2019-njy ýylda taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň çempiony bolan Katar bu ýaryşy 1988-nji we 2011-nji ýyllarda kabul etmek hukugyna eýe bolupdy.

Kataryň 2022-nji ýylda dünýä çempionatyny hem kabul etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň