Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýörite topar Lebap welaýatynda medeni gymmatlyklaryň uly toplumyny ýygnady

11:4031.08.2020
0
2697

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýörite ylmy-döredijilik toparlary döredilip, milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen bagly rowaýatlary, ýer-ýurt atlaryny, ýerli halk arasynda aýdylýan nakyllary, durmuş wakalary bilen bagly rowaýatlary, dürli senetçilik sungatyna degişi däp-dessurlary ýazyp almak, öwrenmek işleri ýola goýuldy — diýip, «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Ylmy-döredijilik topary bilen Lebap welaýatynyň etrapdyr obalarynda geçirilen gözlegleriň netijesinde, häzirki güne çenli halk arasynda saklanyp galan gadymy ýadygärlikler bilen bagly rowaýatlary, ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşy, el işleriniň we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleriniň täsin nusga eserleri, milli däp-dessurlarymyz bilen bagly gürrüňler ýüze çykaryldy. Biz hem ylmy toparyň düzüminde welaýatyň etraplaryndaky obalaryň çäklerinde dürli senetçilik bilen meşgullanýan adamlar bilen söhbetdeş bolduk. Çölde ösýän selin ösümliginden türkmen tamdyrynyň ýasalyş usullary, aýratynlyklary we tamdyr bilen baglanyşykly yrymlar barada gyzyklandyk. Amyderýanyň boýunda ösýän galam we ýeken suw ösümliklerinden dokalýan we örtülýän hojalyk esbaplary: torbalar, düşeklik (bora), kepbeler, dürli azyk önümlerini sermek üçin sebetler, asma sallançak, argan ýüpi ýaly zatlar ata-babalarymyzyň ýöredýän kesp-kärleriniň ýitirilmän gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Galam ösümliginden örän berk we üýtgeşik argan ýüpüni we torbalaryň dürli görnüşlerini dokapdyrlar. Argan örülende 3 işilen galam ýüpünden egrilip edilipdir. Ilki galamy gowy ýörite içi boş naýgamşak diýlen ösümligiň içinden geçirip, gowy ýumşadypdyrlar we ýüp ýaly bolandan soň, egrip argan ýüpüni taýýarlapdyrlar. Galam ösümligi öňler çölde gazylýan guýularyň içini örmekde ussalar tarapyndan hem giňden ulanylypdyr. Galam suwa çydamly, aňsat çüýremeýän ösümlik bolany üçin, şeýle işlerde giňden peýdalanylypdyr. Ýekenden örülen torbalarda, esasan, gawun-garpyz ýaly bakja önümleri daşalypdyr. Her asma torba 50-80 kg. agramlykda gawunlar ýerleşdirilipdir we alyjy gawunlaryň ählisini almakçy bolanda, torbasy bilen satylýan halatlary-da bolupdyr.

Türkmen zenanlary tarapyndan gadymy milli saz gurallarymyzyň biri depregiň ýasalyş usulynyň aýratynlyklaryny, ussalaryň ýasaýyş syrlaryny, depregiň ýanynda aýdylýan aýdymlary many-mazmuny bilen ýakyndan öwrenmeklige mümkinçilikler döredildi. Irki döwürlerde Oraza we Gurban-haýt baýramlarynda, toýlarda goňşy obanyň gyzlary ýaryşyp, uzak wagtlap deprek kakypdyrlar. Häzirki günlerde hem toýlarda, baýramçylyklarda, gyzlar durmuşa çykanlarynda deprek kakylyp, aýdym aýdylyp, saz çalynýar. Il arasynda depregiň sesine «Ýagşyzadanyň sesi» hem diýip aýdylypdyr. Deprek kakylyp, saz çalnanda, täsin owaz gulaga has ýakymly eşidilipdir. Bu bolsa «ýagşy günlere ýetirsin» diýildigi bolup, toýlaryň has-da şowhunly geçmegine uly ýardam edipdir.

Kerki etrabynda gyz-gelinler tarapyndan milli başgaplardan «sarma» gyz tahýalary we çaga topbulary tikilipdir. Tahýalara «balyk oňurga», «çörek», «syzgy» ýaly ýerli keşdeler çekilipdir. sarma tahýasynyň keşdeleri elde ilme usulynda pileden alynýan ýüpek sapaklar bilen tikilipdir. Sarma tahýalara gaňraw tahýasy hem diýlipdir. Şeýle atlandyrylmagynyň sebäbi, tahýanyň tegelek durýan depesiniň gyralaryna kümüşden ýasalan gaňrawlar ýa-da jaňňyrdawuk jaňlar tikilipdir we olaryň sanyna görä, 15, 18, 21 gaňrawly tahýa diýipdirler. Ala galpak çagalar üçin tikilip geýdirilipdir. Oglanlaryň geýýän tahýasyna gulakjyn tahýa diýlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň