Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabadyň» düzümine alty futbolçy goşuldy

11:4226.08.2020
0
8091

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edýän “Aşgabat” topary futbol çempionatymyzyň hem-de futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň oýunçylarynyň altysyny düzümine geçirdi — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasy “Aşgabadyň” düzümine “Ahalyň” oýunçysy Döwran Orazalyýew, “Köpetdag” futzal toparyndan Döwran Hojamämmedowyň, “Migrasiýa” futzal toparynyň oýunçysy Ysmaýylmuhammet Öwekow dagy goşuldylar. Şeýle-de, topara Kemal Gurbanowyň, Kamran Halilowyň hem-de Orazberdi Myradowyň goşulandygyny habar berýäris.

Mundan öň Döwlet Annaýewiň «Aşgabadyň» baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar beripdik.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň 17 utuk toplan «Aşgabat» ýaryş tertibinde bäşinji basgançagy eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň ilkinji oýnunda «Aşgabat» myhmançylykda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň