Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzyň «Çeper» tikinçilik fabrigi mekdep goştorbalarynyň önümçilgini özleşdirdi

12:4623.08.2020
0
8454

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabriginde önümiň täze görnüşi – mekdep rýukzaklarynyň ilkinji tapgyry çykaryldy. Olaryň dizaýnyny kärhananyň hünärmenleri işläp taýýarladylar.

Täze önüm ýurdumyzda öndürilýän dürli reňkli berk materialdan taýýarlanylýar. Okuwçylaryň goştorbalrynyň ilkinji tapgyry eýýäm ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýarmarkalarynda we söwda nokatlarynda ýerlenildi.

Şeýle hem okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp zähmet sapagy üçin oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň okuw eşikleri taýýarlanyldy. «Çeper» tikinçilik fabriginde tikilýän okuwçylar üçin eşiklerdir aksessuarlar ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 528-si hereket edýän demirgazyk sebitinde uly islegden peýdalanýar.

Kärhanada döwrebap ýörüte enjamyň bolmagy we oýlanşykly marketinig alyjylaryň arasynda islegli egin-eşikleriň, ýorgan-düşek daşlyklaryň we hojalykda ulanylýan dokma önümleriniň giň görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň