Soňky habarlar

Arhiw

Said Seýidow «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

13:2119.08.2020
0
6060

«Köpetdag» hem-de «Aşgabat» toparlarynyň öňki tälimçisi Said Seýidow ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahalyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi ― diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

58 ýaşly hünärmen bu wezipede Hojaahmet Arazowyň ornuna geldi. H.Arazow bolsa «Ahalda» bäş tälimçiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

S.Seýidowyň 2018-nji ýylda bäş tälimçi hökmünde «Köpetdag» bilen Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň 31 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň ilkinji oýnunda «Ahal» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň