Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň geçiren goly Aziýa kubogynyň taryhyna girmäge dalaşgär

13:5217.08.2020
0
6446

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tutuş yklym boýunça iri onlaýn-ses berlişigi gurnaýar.

Ses berlişikde 32 futbolçynyň ady görkezilýär. Janöýerleriň ses bermeginiň netijesinde, olaryň arasyndan Aziýa kubogynyň taryhyndaky iň gowy futbolçy saýlanylar. Atlary görkezilenleriň arasynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem bar.

Türkmenistanly ýarym goragçynyň Aziýa kubogy ― 2019-da Ýaponiýanyň derwezesine geçiren goly (09.01.2019 ý.) Kataryň milli ýygyndysynyň wekili Almoez Aliniň şol ýaryşda şol ýygyndynyň (Ýaponiýanyň) derwezesine geçiren goly (01.02.2019 ý.) bilen bäsleşdirilýär.

Indiki tapgyra kim geçer? Munuň üçin Arslanmyrat Amanowa ses beriň! Öz sesiňizi şu ýerde berip bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň