Soňky habarlar

Arhiw

OLED ekranly braslet iki hepde zarýadsyz işläp bilýär

17:1414.08.2020
0
937

Elektronika önümleri bilen meşhurlyk gazanan Hytaýyň “Xiaomi” şereketi, belki-de, dünýäniň iň meşhur fitnes-brasleti bolan “Xiaomi Mi Band” sagatlaryny birnäçe ýyl bäri üstünlikli öndürip gelýär. Ýakynda şereket önüminiň 5-nji nesliniň satuwyna başlandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, sagatlaryň daşy inçelip, ekeranyň göwrümi ulaldylypdyr. Ekeranyň göwrümi sagatlaryň geçen neslinde 0,9 dýuýma deň bolan bolsa, “Xiaomi Mi Band 5-de” sagatlaryň ekranynyň göwrümi 1,2 dýuýma barabardyr.

 Brasledi dakynan adamyň ädimlerini sanamagy, ýürek urşuny barlamagy, türgenleşigiň netijelerini ýazmagy başarýar. OLED ekranly braslet iki hepde zarýadsyz işläp bilýär. Braslet simsiz zarýadlanyp hem bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň