AFK Mämmet Orazmuhammedowyň halas edişini AFK-nyň kubogynyň soňky ýyllarynda iň owadan halas edişleriň hataryna goşdy

16:0730.07.2020
0
6241

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezewany Mämmet Orazmuhammedowa AFK-nyň kubogynyň soňky ýyllardaky iň gowy derwezewanlarynyň bäşliginden orun berdi. Has takygy, konfederasiýa türkmenistanly derwezewanyň mundan iki ýyl ozal bir urgyny gaýtadan pursadyny AFK-nyň kubogynda soňky ýyllardaky iň gowy halas edişleriň saýlama bäşliginde görkezdi.

Şunda «Altyn asyryň» 2018-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hindistanyň «Bengaluru» topary bilen geçiren duşuşygy göz öňünde tutulýar. Duşuşykda garşydaş toparyň tejribeli hüjümçisi Sunil Çetriniň hüjümiň sag ganatyndan getirip, derwezä bat bilen gönükdiren pökgüsini ildeşimiz ussatlyk bilen gaýtaryp, toparyny göni gelen howpdan halas edipdi. Bu täsin gaýtaryş AFK-nyň kubogynda soňky ýyllardaky ussatlarça halas edişleriň hataryna goşuldy.

Şol bir wagtyň özünde AFK resmi saýtynda bäş derwezeçiniň hem howply pökgüleri gaýtarýan pursatlaryny paýlaşyp, ses berlişik yglan etdi. 6-njy awgustda tamamlanjak ses berlişikde Mämmet Orazmuhammedowdan başga-da, Iordaniýanyň «Al-Şaabynyň» ozalky derwezeçisi Loai Al Amaireh, Malaýziýanyň «Johor Darul Taziminiň» derwezeçisi Izham Tarmizi, Singapuryň «Home Ýunaýtediniň» derwezeçisi Hassan Sunny we «Al-Ahediň» derwezeçisi Ali Daher bar.

Ýatladýarys, ses berlişik 6-njy awgustda tamamlanýar. Mämmet Orazmuhammedowy goldamak üçin şu ýere basyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň