Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» önümçiligini gaýtadan dikeltdi

16:3621.07.2020
1
31552

Paýtagtda ýerleşýän «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk jemgyýeti ilat arasynda meşhur içgileriň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. Şeýlelikde, Türkmenistanda «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite» gaýtadan öndürilip başlandy.

Zawodyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, önümler häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli nyşan bilen bir litrlik plastik gaplarda öndürilýär. Zawod tarapyndan öndürilen önümler öndürijiden maslahat berilýän bahalarda eýýäm paýlaýyş torlaryna girizildi. «Coca-Cola Classic» içgisi 10, galan içgiler 8 manatdan satylýar.

Zawod «Coca-Cola» kompaniýasynyň resmi şahamçasy hökmünde Türkmenistanyň çäginde 1998-nji ýyldan bäri işleýär. Ýeri gelende aýtsak, «Coca-Colanyň» Ýer ýüzünde 11 müňden gowrak zawody bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
arslan_xo ( 23.07.2020 )

Праздник к нам приходит...

4