Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

12:0513.07.2020
0
218
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler hem-de Bilim ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň guramagynda geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Oňa bu ýerde dynç alýan çagalar örän uly gyzyklanma bildirdiler.

Bäsleşige gatnaşan toparlaryň çalasyn hereketleri we başarjaňlygy tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň ünsüni özüne çekdi. Bäsleşigiň geçişi oňa gatnaşan çagalaryň örän taýýarlykly gelendiklerini aňlatdy. Ýaş ýangyn söndürijiniň özüniň biçüwine laýyk gelýän geýimini geýen topar agzalary päsgelçilikli ylgawlarda biri-birinden ýokary netijeleri görkezdiler. Olar ýörite guralan adatdan daşary ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykyp bildiler. Ýangyn söndüriji enjamlary dogry ulanmagyň düzgünlerini dürs berjaý etdiler. Şertleriň dogry we tiz ýerine ýetirilişi göz öňünde tutulyp, merkeziň «Gerçek» ýygyndy topary birinji, «Merdana» ýygyndy topary ikinji, «Edermen» ýygyndy topary bolsa üçünji orunlara mynasyp görüldi. Gatnaşyjylaryň arasynda Kerem Öwezow iň işjeň we şahsy görkezijileri boýunça ýokary netijäni gazanan ýaş türgen hökmünde tapawutlandy.

Netijede, bäsleşikde ýeňiji bolan ýygyndy toparlara, şeýle-de şahsy görkezijilerde ýokary netije gazanan ýangyn söndürijilere ony gurnaýjylar tarapyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň göçme kubogy we diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň