Düýn Özbegistanyň Superliganyň 8-nji tapgyrynda «Bunýodkor» «Nawbahory» 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ýer eýeleriniň üçünji pökgüsini türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradow geçirdi. BU barada «Championat.asia» habar berýär.
Biziň ildeşimiz duşuşygyň 61-nji minudynda Waleriý Akopowyň ornuna oýna girdi. 87-nji minutda bolsa ol toparynyň şu duşuşykdaky üçünji pökgüsini geçirdi.
Möwsümiň başynda Wahyt Orazsähedow bilen Didar Durdyýewi hem gözden geçiren «Nawbahoryň» ýeke-täk pökgüsini bolsa 57-nji minutda Igor Golban geçirdi.
Şeýlelikde, Selim Nurmyradow Superligadaky gollarynyň sanyny 2-ä çykardy. Bu netije bilen «Bunýodkor» 16 utuk bilen üçünji orundaky ýerini gorady.
Tapgyrda Arslanmyrat Amanowyň AGMK-si «Kukon-1912-ni» 2:1 hasabynda ýeňdi. Milli ýygyndyndymyzyň kapitany 61-nji minutda oýna girdi.
Düzüminde türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew hem çykyş edýän «Maşal» bolsa myhmançylykda ýaryşyň lideri «Pahtakordan» 0:3 hasabynda ýeňildi.
Ildeşimiz Täçmyrat Agamyradowyň tälim berýän «Kyzylkumy» Andijon şäheriniň adybir toparyny kabul edip, möwsümdäki 2-nji utugyny gazandy. Duşuşykda ildeşlerimizden Abdy Bäşimow 90 minut meýdanda boldy, Wezirgeldi Ylýasow bolsa 70-nji minutda oýna girdi.