Türkmenistan bilen BAE sanly bilim boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekçi

23:1307.07.2020
0
18824

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň bilim ministri Husseýn bin Ibragim Al Hammadi bilen gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ilkibaşdan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesi gönüden-göni ýardam edýär.

Iki ýurduň bilim hem-de ylym edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy- enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwlet gullukçylaryny we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga özara gyzyklanma bildirildi.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, uzak aralykdan elektron okuwlary guramak, şol sanda Türkmenistan bilen BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoduşuşyklaryň çäklerinde guramak meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň