14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Disneý. Fantaziýa» konsertini berer. Şu ýyl «Fantaziýa» atly doly metražly animasion filmiň ekrana çykanyna 80 ýyl dolýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň 2019-njy ýylda Uolt Disneýiň animasion filmlerine sazlaryň esasynda taýýarlan premýerasy şowly bolupdy. Bu gezek orkestriň ýolbaşçysy «Disneýiň» multfilmlerinden tanyş aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirerler.
Bu konsert, esasan, çagalar üçindir. Ol şol gün agşam sagat 19:00-da başlanar.