Täçmyrat Agamyradow «Kyzylkumyň» baş tälimçisi boldy

00:1306.06.2020
1
8942

67 ýaşly türkmenistanly hünärmen Täçmyrat Agamyradow Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi ― diýip, «championat.asia» habar berýär. Ildeşimiz mundan ozal Samarkandyň «Dinamo» toparynda işledi.

Özbegistanyň Superligasynyň yzda galan duşuşyklarynda 1 utuk toplan bilen «Kyzylkum» 12-nji orny eýeleýär. Bu toparda türkmenistanly futbolçylar ― goragçy Abdy Bäşimow bilen ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Özbegistanyň çempionaty 13-nji iýundan başlap, ýene-de dowam etdiriler. Şol gün «Kyzylkumyň» düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem bolan AGMK-niň kabul etjekdigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Täçmyrat Agamyradow 2004-nji ýylda Özbegistanyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar edildi. Şol ol Aziýanyň iň gowy üç tälimçisiniň biri hökmünde görkezildi.

Ýurdumyzda «Köpetdag», «Nisa», «Nebitçi» ýaly toparlar bilen çempionlyklardyr kuboklaryň uly toplumyna eýe bolan hünärmen milli ýygyndymyzy 1994 we 1998-nji ýyllda geçirilen Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çenli alyp çykdy. Ol Özbegistandaky iň gowy netijelerini bolsa «Pahtakor» bilen gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň