Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendemirýollary» gatnawlaryň tertibine üýtgeşmeler girizýär

15:0903.06.2020
0
39893

«Türkmendemirýollary» agentlgi Türkmenistanyň çäginde sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny berkitmek maksady bilen, gatnawlaryň käbir ugurlarynda syýahat üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyna üýtgeşmeler girizdi. Üýtgeşme girizilen ugurlar onlaýn bilet satyn alnan wagty internet saýtynda ýa-da mobil programmalarda ýolagçylara ýatladylar. Bu barada agentligiň resmi web saýty habar berýär.

Çäklendirmeler girizilen ugurlardaky ýolagçylaryň otlylara münmezden ozal, şahsyýeti anyklaýan resminama bilen birlikde, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan kepilnama ýa-da içeri işler edarasy tarapyndan rugsatnama ýa-da iş saparyna barýandygyny anyklaýan resminama hem gözegçilik nokatlarynda soralýar.

Şeýle hem, mundan beýläk ýolagçylar otlynyň ugramagyna azyndan 45 minut galanda demir ýol stansiýalaryna we menzillerine gelmeli we barlag nokatlaryndan geçmeli.

Agentlik onlaýn bilet satyn alýan ýolagçylaryň zerur bolan resminamalary bolmadyk ýagdaýynda, otla mündürilmejekdigini ýatlatýar!

Kerki, Gazojak, Darganata, Farap, Serhetabat, Tagtabazar, Kaka, Etrek, Görogly stansiýalaryna degişli otlylaryň biletlerini diňe kassalardan satyn alyp bolýandygyny ýatladýarys!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň