Soňky habarlar

Arhiw

“Türkhowaýollary” Türkmenistana uçuşlaryň täzeden başlanýandygyny habar berdi

23:4128.05.2020
0
183244

1-nji iýulda “Türkhowaýollary” Türkmenistana uçuşlaryny täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Turizm Guncel web sahypasynda habar berildi.

Bu maglumat çeşmesiniň belleýşi ýaly, birinji etapda türk uçarlary 70 ýurda uçar. Türkiýäniň 1-nji iýunda uçuşlaryny dowam etdirýän ilkinji ýurt Demirgazyk Kipr – Türkiýe Respublikasy bolar.

Uçuşlar 10-njy iýunda Bahreýn, Bolgariýa, Katar we Gresiýada we 15-nji iýunda Germaniýa, Awstriýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Litwa, Wengriýa, Polşa, Rumyniýa, Serbiýa we Azerbaýjan üçin meýilleşdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, Bakuw GDA-da COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň uçup başlan ilkinji paýtagt bolar.

GDA ýurtlaryndan 20-nji iýunda Türkiýe – Gazagystan, 22-nji iýunda Gyrgyzystan, 1-nji iýul Belarus, Moldowa, Özbegistan we Türkmenistan bilen, 15-nji iýulda Russiýa we 1-nji awgust Ermenistan bilen uçuşlaryny dowam etdirer.

COVID-19 ýokaşmasy bilen baglanyşykly ýekeje hadysa hem hasaba alynmadyk Türkmenista, bu wirusyň ýurda getirilmeginiň öňüni almak üçin halkara howa gatnawyna girizilen wagtlaýyn arakesmäni 20-nji iýuna çenli uzaltdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň